Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 07.08.2026

Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-07

Макет
Обновлено на портале · 08.08.2026 Язык текста

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

1-nji madda

Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler boýunça 84 391,7 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 84 291,7 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler boýunça 23 382,0 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 23 282,0 mln. manat möçberde tassyklamaly.

2-nji madda

Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler boýunça 76 443,2 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 76 343,2 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler boýunça 15 433,5 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 15 333,5 mln. manat möçberde tassyklamaly.

3-nji madda

Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2020-nji ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:

4-nji madda

2020-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 1 945,5 mln. manat möçberde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:

5-nji madda

Ýerli býujetleri 9 894,0 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:

6-njy madda

Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.

7-nji madda

Býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýip bellemeli.

2020-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda döwlet nesýe almalary we bank karzlary boýunça bergini üzmek üçin gönükdirilýär diýip bellemeli.

8-nji madda

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.

Türkmenistanyň Gurbanguly

Prezidenti Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2019-njy ýylyň 30-njy noýabry.

№ 201-VI.