Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 07.08.2026

Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-07

Макет
Обновлено на портале · 07.08.2026 Язык текста

1-nji madda

Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 123 798,1 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 36 500,0 mln. manat möçberde tassyklamaly.

2-nji madda

Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 111 987,6 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 24 689,6 mln. manat möçberde tassyklamaly.

3-nji madda

Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2025-nji ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:

goşulan baha üçin salgytdan

peýdadan alynýan salgytdan

ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgytdan

Aşgabat şäheri

5,0%

4,5%

4,5%

Arkadag şäheri

100,0%

100,0%

0%

Ahal welaýaty

96,0%

96,0%

95,0%

Balkan welaýaty

33,0%

32,0%

32,0%

Daşoguz welaýaty

100,0%

100,0%

100,0%

Lebap welaýaty

100,0%

100,0%

100,0%

Mary welaýaty

80,0%

82,0%

80,0%

4-nji madda

2025-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden Arkadag şäheriniň we welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 3 496,5 mln. manat möçberde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:

Arkadag şäheri 240,9 mln. manat

Daşoguz welaýaty 1 956,0 mln. manat

Lebap welaýaty 1 299,6 mln. manat

5-nji madda

Ýerli býujetleri 15 307,0 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:

Aşgabat şäheri 2 739,6 mln. manat

Arkadag şäheri 283,2 mln. manat

Ahal welaýaty 1 828,6 mln. manat

Balkan welaýaty 1 657,4 mln. manat

Daşoguz welaýaty 2 780,2 mln. manat

Lebap welaýaty 3 084,3 mln. manat

Mary welaýaty 2 933,7 mln. manat

6-njy madda

Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.

7-nji madda

Býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýip bellemeli.

2025-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda bank karzlary boýunça bergini üzmek, döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek ugurlaryny maliýeleşdirmek üçin gönükdirilýär diýip bellemeli.

8-nji madda

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.

9-njy madda

Hökmany döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlary Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujetiniň girdejiler boýunça göz öňünde tutulan meýilnamasyndan artyk gelip gowşan halatynda, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyna tölegler Döwlet býujetiniň çykdajylar boýunça bellenen meýilnamasyndan şol möçberde artyk amala aşyrylyp bilner diýip bellemeli.

Türkmenistanyň Serdar

Prezidenti Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2024-nji ýylyň 30-njy noýabry.

№ 125-VII.