Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 07.08.2026

Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-07

Макет
Обновлено на портале · 08.08.2026 Язык текста

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

1-nji madda

Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 131 845,1 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 36 500,0 mln. manat möçberde tassyklamaly.

2-nji madda

Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 119 703,3 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 24 358,2 mln. manat möçberde tassyklamaly.

3-nji madda

Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2026-njy ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:

4-nji madda

2026-njy ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden Arkadag şäheriniň we welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 3 379,2 mln. manat möçberde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:

5-nji madda

Ýerli býujetleri 15 521,0 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:

6-njy madda

Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.

7-nji madda

Býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýip bellemeli.

2026-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda bank karzlary boýunça bergini üzmek, döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek ugurlaryny maliýeleşdirmek üçin gönükdirilýär diýip bellemeli.

8-nji madda

Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.

9-njy madda

Hökmany döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlary Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujetiniň girdejiler boýunça göz öňünde tutulan meýilnamasyndan artyk gelip gowşan halatynda, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyna tölegler Döwlet býujetiniň çykdajylar boýunça bellenen meýilnamasyndan şol möçberde artyk amala aşyrylyp bilner diýip bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2025-nji ýylyň 22-nji noýabry.

№ 178-VII.