Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 07.08.2026

Türkmenistanyň Maşgala kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-07

Макет
Обновлено на портале · 07.08.2026 Язык текста

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

1-nji madda. Türkmenistanyň Maşgala kodeksini tassyklamaly.

2-nji madda. Türkmenistanyň Maşgala kodeksini 2012-nji ýylyň 1-nji aprelinden güýje girizmeli.

3-nji madda. 1969-njy ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistan SSR-niň Nika we maşgala hakyndaky kodeksini (Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1969-njy ýyl, № 24, 141-nji madda), oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen ähli soňraky kanunlary ýa-da olaryň degişli bölümlerini 2012-nji ýylyň 1-nji aprelinden güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

4-nji madda. Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň hereketi, ol güýje girenden soň ýüze çykan hukuk gatnaşyklaryna degişli edilýär.

Eger maşgala hukuk gatnaşyklary Türkmenistanyň Maşgala kodeksi güýje girizilmezinden öň ýüze çykan bolsa, onuň kadalary ol güýje girizilenden soň ýüze çykan hukuklar we borçlar babatda ulanylýar.

Türkmenistanyň Maşgala kodeksi güýje girizilenden soň, maşgala hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmakda gapma-garşylyklar ýüze çykan ýa-da maşgala hukuk gatnaşyklarynyň gatnaşyjylarynyň hukuk ýagdaýy ýaramazlaşan halatlarynda şu Kodeksiň düzgünleri ulanylýar.

5-nji madda. Türkmenistanyň kanunlary we kadalaşdyryjy hukuk namalary mundan beýläk Türkmenistanyň Maşgala kodeksine laýyk getirilýänçä, şu Kodekse garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.

6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti üç aý möhletde Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny Türkmenistanyň Maşgala kodeksine laýyk getirmeli.

Türkmenistanyň Gurbanguly

Prezidenti Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2012-nji ýylyň 10-njy ýanwary.

№ 258-IV.