Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 07.08.2026

Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-07

Макет
Обновлено на портале · 08.08.2026 Язык текста

Giriş maglumatlary

1-nji madda

Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 95 117,7 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 29 147,0 mln. manat möçberde tassyklamaly.

2-nji madda

Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 85 378,7 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 19 408,0 mln. manat möçberde tassyklamaly.

3-nji madda

Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2023-nji ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:

goşulan baha üçin

salgytdan

peýdadan alynýan

salgytdan

ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgytdan

2,0%

1,8%

2,0%

97,0%

96,0%

97,0%

8,4%

8,4%

8,0%

100,0%

100,0%

100,0%

100,0%

100,0%

100,0%

100,0%

100,0%

100,0%

4-nji madda

2023-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 2 654,0 mln. manat möçberde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:

1 605,6

1 026,6

21,8

5-nji madda

Ýerli býujetleri 12 393,0 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:

2 205,6

1 548,8

1 404,6

2 265,8

2 547,3

2 420,9

6-njy madda

Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.

7-nji madda

Býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýip bellemeli.

2023-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda döwlet nesýe almalary we bank karzlary boýunça bergini üzmek üçin gönükdirilýär diýip bellemeli.

8-nji madda

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.

Türkmenistanyň Serdar

Prezidenti Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2022-nji ýylyň 5-nji dekabry.

№ 522-VI.